- bogaz
- 11) Anatomiýa Gyzylödegiň we dem alyş ýollarynyň başlanýan ýeri, damak.∙ Bogazyň örän oňat açylypdyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)∙ Indi çörek bilen ýarma-da bogazyndan geçmeýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Bogazyny bogmasaň, bogaz düýäni ýuwudar. (Nakyl)2) Boýnuň öň tarapy, bokurdak.∙ Ony sypdyrman bogazyna syrtmak atmak gerekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)3) Käbir bokurdakly gaplaryň boýny.◊ bogaz dolmak — Göwnüň bozulmak, aglasyň gelmek, agyň tutmak, gahar gelip ýa-da begenip ýuwdunmak, hamsykmak.∙ Onuň begenjinden bogazy doldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Nökeriň ýüregi awady bogazy doldy, ýuwdundy. (B. Kerbabaýew, Çekişmän-Bekişmez)∙ Nursoltanyň bogazy doldy, sözüni dowam edip bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)◊ bogaz ýyrtyp gygyrmak — seret gygyrmak∙ Alty sopynyň bogazyny ýyrtyp, azana gygyrmasy näme üçinkä? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ bogaza tegek bolmak — Ne bärik, ne-de aňryk, hiç ýana gidip bilmän, bogazda galmak.◊ bogazy öllemek — Biraz suw, çaý we ş. m. içmek.2Geografiýa Köl bilen materigiň ýa-da iki deňziň arasyndaky inçejik suw boşlugy.∙ Odisseýiň gämisi darajyk bogazda tas heläk bolupdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)3Ynsan we haýwanlaryň içinde çagasynyň emele gelen döwri.∙ Guba düýe bogazdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Bogaz sygyrlary mineral iýmitler-hek we süňk uny bilen goşmaça iýmitlendirmek gerek. (W. A. Trafimowskiý, Ýaş Iri Şahly Mallary Ösdürip Ýetişdirmek)∙ Ol ýurtda bolsa bir bogaz geçi galan eken. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.